hitech

 :: Iň täze habarlar :: (664 Reads)

Posted by Atamyrat on Wednesday, October 18, 2006 - 05:59 AM

Bagyşlaň bir näçe wagt hiç täzelik ýazyp bilmedik. Ine size soňky 3-4 güniň gyzykly IT habarlary. Käbirlerini eşitmedik bolyp bilersiňiz...

Dowamyny okaň.... Flickr - Yahoo şerekediniň surat paýlaşma we saklama servisi. Öz suratlaryňyzy iberip we beýlekileriň suratlaryny görüp bilersiňiz.
Hawa, tag-ler arkaly surat gözlemek işi flickr-in özünde bar, ýöne öz çeken suratyňyza meňzeş suratlary gözlemek aňsat däl... Flickr API-ni ulanyp täze servis ýasapdyrlar. Syçanjyk bilen surat çekýäňiz we size tapyp berýär.
Habary doly okamak üçin

Retrievr servisi


Ruhnama aýynyň 12-sinden soňra goýberilen iPod-lar içinde Windows-lary zaýalajak RavMonE virus bilen gelmäge başlady. Apple aýtmagyna görä, Windows-iň şeýle wiruslara goranyp bilmeýänine gynanypdyrlar we özleriniň ol wirusy tutyp bilmändiklerine has hem gynanypdyrlar.
Habary doly okamak üçin


Oracle bilşimiz ýaly database çykarýan şereket. Oracle özleriniň Oracle Linux-ini çykarjak bolýarlar diýip myş-myşlar ýaýramaga başlady. Eger çykarşa, RedHat bilen aralarynda ýaryş gider.
Habaryň doly görnüşi

Firefox 2 RC 3 taýýarlandy we goýberdiler.
Şu ýerden alyp bilersiňiz;
http://en-us.www.mozilla.com/en-US/firefox/2.0/releasenotes/


Google, öz ofisleriniň elektrik togyny almak üçin günden peýdalanýan elektrik stansiýa gurdyrýar. 1000 sany Kalyforniýa öýüne güýji ýetjek stansiýa, şu wagda çenli ofis üçin gurylan iň güýçlisi.
Habary doly okamak üçin,


Hemme habarlar Slashdot.org-dan saýlanyp alyndy.
http://www.slashdot.org/
Send this story to someone Printer-friendly page

Iň täze habarlar | Log-in or register a new user account | 0 Comments
Comments are statements made by the person that posted them.
They do not necessarily represent the opinions of the site editor.